Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Logistika zynjyrynyň altyn halkasy boljak Türkmenbaşy halkara deňiz porty

23 Maý, 2018 ý.

Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy esasynda halkara logistika merkezine öwrülen Türkmenistan watanymyzda täze awtomobil we demir yollary, howa menzilleri we köprüler gurlup beýik yüpek yoly täzeden dikeldilýär.

Logistika zynjyrynyň altyn halkasy boljak Türkmenbaşy halkara deňiz porty, jemi 1.358.484 inedördül metr meýdanda 9.942.930 kub metr meýdanda çuňlaşdyrma işleri we 4.088.926 kub metr meýdanda deňziň içini doldurma işleri amala aşyrylyldy. Bu ýerde PVD-RIC-DSM BORED PILES ýerine yetirilip, gämi duralgalarynda 109 müň metr demir turbalar oturdyldy.

Kämil tehnologiýa çözgütleri bilen portyň çäginde bina edilen Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda ýylda 10 müň tonna polat işlenip 4-6 sany gämi öndüriler. 

Kärhanada ýylda ortaça 30 gäminiň abatlaýyş işleri hem ýerine yetiriler.

Ýylda 4 million tonna ýük kabul edýän umumy ýük terminalynda 42 tonnadan 330 tonna çenli göterijilik kuwwaty bolan 9 sany Liebherr kysymly kranlar gurnaldy.

Terminaldaky 21.162 müň inedördül meýdany bolan ambarda dürli görnüşde ýükler saklanar.

Ýylda 3 million tonnalyk ambary bolan ürgün ýükler terminalynda 14 sany 35.000 kub meter däne önümleri silosy we 8 sany 6000 kub metr sement silosy guruldy.

Terminaldaky 2 sany konweýr arkaly sagatda 650 tonna yük gamilere yüklenip düşüriler.

Konteýner terminalynyň ýyllyk göwrümi 400 müň TEU bolup döwrebap enjamlar arkaly porta gelen konteynerlaryň gara we demirýollaryna bagly logistika amallaryny gysga wagtda tamamlanar. 

Täsin binagärligi bilen halkara portyň nyşany bolan 77 metrlik gözegçilik diňindäki dolandyryş binasynda soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ulag gözegçilik ulgamy ýola goyuldy. Taslamada ýangyn howpsyzlyk, gümrük, polisiýa, serhet we migrasiýa gullyklarynyň binalary we hassahana innowasion barlag enjamlary bilen üpjün edildi. 

Portyň awtomobil we ýolagçy terminaly ýylda 300 müň ýolagçyny we 75 müň ulagy kabul eder.

Terminalyň çäginde 50 orynlyk myhmanhana we mejlisler otagly logistika merkezi ýerleşýär. 

832 metr gämi duralgasy bolan Polipropilen terminalynyň ýyllyk göwrümi 120.000 tonna eýedir. 

Türkmenbäşy halkara deňiz portynda 2500-den gowrak iş orny döredildi. 

Taslamanyň çäginde Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallalary bilen dünýäniň ekologiýä taryhynda aýratyn bir orun tutjak 1.692.761 inedördül meýdany bolan emeli guşlar adasy döredildi. Bu adada guşlaryň 300-den gowrak görnüşi ýylyň dürli pasyllarynda myhman bolarlar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenbaşy halkara deňiz portuny açyp ulanmaga bereni üçin ähli deňiz-derýa ulgamynyň we logistika ulgamynda işleýän işgärleriň adyndan taňryýalkasyn aýdýarys!