Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody senagat we hojalyk maksatly önümçiligi ýola goýdy.

10 Sentýabr, 2018 ý.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. 

Zawotda önümçilik işlerini alyp barmak üçin gurnalan plazma we gaz plazma usulynda kesmek üçin kombinirlenen enjam, listleri we profilleri gaýtadan işleýiş desgasy, turba büküji, kesiji we otbortowka ediji stanoklar, gilotina gaýçylar, demir ýonujy stanoklar deňiz-derýa ulaglaryna degişli önümçilik işlerini alyp barmakdan başga, senagat we hojalyk maksatly önümleri öndürmäge mümkinçilik döredýär. 

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň häzirki günde dürli görnüşli gämileri, nebit tankerleri, deňiz platformalary, buksirleri, katerleri şeýle hem ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň, senagat pudaklary üçin demirden dürli konstruksiýalary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamaga mümkinçiligi bar. 

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda öndürilen senagat we hojalyk önümleri dünýä standardyna gabat gelýär.