Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Инвестиционная программа

14 Sentýabr, 2018 ý.

 

Ýakyn wagtda Türkmenistanda iri senagat taslamalaryň açylmagy meýilleşdirilýär. Bu zawodlaryň Kaspiý deňziniň kenarynda ýerleşýändigini  göz öňünde tutup,   Karbamid öndürmek boýunça ýylda 1mln tonna we polipropilen/polietilen öndürmek boýunça ýylda 0.5 tonna öndürüjilik ukyby bolan zawodlaryň açylmagy bilen, deňiz ulgamynda ýükleri daşamaklygyň zerurlygyny has-da artdyrýar. Şeýlelikde inwestorlaryň goýan maýa goýumlaryny gysga wagtyň dowamynda yzyna almak üçin, kepillendirilýän mümkinçilikler bar.

Meýilnamada dürli göwrümli gämileri  gurmakda,  doly we bölekleýin inwestirleme (maýa goýum) göz öňüne tutulan.

Häzirki wagtda gury ýük gämileri gurmak we ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Gelejekde ylalaşyklar esasynda Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti  milli “Türkmen deňiz söwda flotunyň” häzirki gämilerini bililikde işletmek.  Ulanyşa girizmekde artykmaçlyk gazanan ýük daşaýjylara Türkmenistanyň deňiz duralgalarynda ýerine ýetirilýän hyzmatlar üçin alynýan töleglerden  indirimler, portuň gämi duralgasyna nobatsyz girmeklige we Türkmenistandan eksporta gidýän ýükleri ýüklemekde, şeýle hem  tejribeli ekipažlary taýýarlamakda ýardam berilýär. Şu döredilen ýeňillikler gämi gurmakda inwestorlara hem meýilleşdirilýär.

Eger-de goşmaça gürrüňdeşlik geçirmek isleseňiz, biz wiza almakda ýardam bermäge taýýardyrys.

Eger-de goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda, inwestorlar şu aşakdaky salgylara hat ýollap biler:

foreign.dept@turkmenbashiseaport.tm

manager@turkmenbashiseaport.tm

Tel: +993(243)4-91-82

+993(243)5-11-5

Biz siziň işjeň gatnaşmaklygyňyza garaşýarys!