Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmentel-2018

15 Oktýabr, 2018 ý.

 

2018-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, Telemetriýa, Habar beriştilsimatlarynyň we Teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2018” atly 11-nji Halkara sergisine we   ylmy  maslahatyna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem gatnaşdy.

Bu halkara sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem birnäçe iri daşary ýurt  kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de önüm öndürijileri gatnaşdylar.

Bu sergide Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşdyryjy hem-de ony mahabatlandyryjy stend ýerleşdirldi. Serginiň dowamynda birnäçe kompaniýalar tarapyndan portuň işine, onuň mümkinçiliklerine we ýerine ýetirýän hyzmatlaryna uly gyzyklanma bildirildi we degişli maglumatlar bilen tanyş edildi. Şeýle-de birnäçe kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen gepleşikler hem geçirildi.