Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň iş sapary

17 Oktýabr, 2018 ý.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-na Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň direktory hanym O.Kartaşowa hem-de Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň halkara bölüminiň ýolbaşçysy D.Mulýew gulluk iş sapary bilen Türkmanbaşy Halkara deňiz portuna geldiler. Myhmanlary Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary mynasyp derejede garşyladylar. Myhmanlary täze Halkara deňiz portuna hem-de “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna aýlap, portuň hem-de zawodyň ähli mümkinçilikleri bilen tanyş edildi. Soňra Halkara deňiz potunuň, Konteýner terminalynyň edara binasynyň ýerleşýän mejlisler zalynda, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we onuň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen myhmanlaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, iki ýurduň arasyndaky deňiz we derýa ulaglary pudagynda bilim boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.