Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Halkara inwestision bäsleşigi yglan edildi

22 Oktýabr, 2018 ý.

 

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda awtoulag –ýolagçy gatnadýan  iki sany RO-RO görnüşli gämisini bilelikde gurmak boýunça Halkara inwestision bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik üçin teklipler 2018-nji ýylyň 19-njy noýabryna çenli dowam edýär.

Gyzyklanma bildirýänleriň ählisini bäsleşigiň açylyşyna gatnaşmak üçin çagyrýarys.

Bäsleşik barada umumy maglumat:

Esasy

  •   Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda awtoulag –ýolagçy gatnadýan  iki sany RO-RO görnüşli gämisini bilelikde gurmak.

  1. Alnyp barylýan işiň we hyzmadyň möhleti

Ähli ýerine ýetiriljek işiň dowamlygy 730 günden köp bolmaly däl.

  1. Bäsleşik boýunça resminamalaryň tabşyrylyş düzgüni.

  2. Bäsleşige resmi gatnaşmak üçin bäsleşigiň komisiýasyna arza bermeli we bäsleşige kim hökmünde gatnaşýandygyny görkezmeli. Bäsleşigiň materiallary öwrenilenden soň bäsleşik teklipleri bermeli. Berlen arzada bolmaly maglumatlar:

  • kompaniýanyň ady, statusy, bäsleşige gatnaşyjynyň bellige alnan döwleti " Gyzyklanrma bildirýänleriň ", poçta salgysy, telefon belgileri, faks belgileri, elektron poçta salgylary we Türkmenistandaky  wekiliniň salgysy.

  • kompaniýanyň soňky üç ýyldaky finans ýagdaýy, iş tejribeleri we işgärleri barada doly anyk maglumat.

  • Bäsleşige teklipleri bilen bilelikde bi işe hukugynyň barlygy barada notariusdan tassyklaýjy resminama

  1. alan bukjanyň esasynda bäsleşik teklibiiň içinde hökmany şu maglumatlar bolmaly

  • " Gyzyklanma bildirýänler" tarapyndan doldurylan we gol çekilen derejesini talap edýän anketa

  • Tehniki we kommerçeskiý teklip

  • Şertnamanyň esasy şertleri ýa-da taslamasy

  • Ýekelikde görkezilen bahalar

    • Gäminiň gurluşy

    • Işe giriziş;

    • Işiň ýerine ýetirilişiniň tertibi.

  • " Gyzyklanma bildirýänleriň " bankynyň rekwizitleri hem-de bankyň we beýleki finans edaralarynyň teswirleri.

 

  • Döwlet gaznasyna bergisiniň ýoklygy barada bankdan kepilnama (Türkmenistanda registrasiýa edilenler üçin)

  • Finans we tehniki mümkinçilikleri barada maglumat

 

ç)   " Gyzyklanma bildirýänleriň " teklip berýän bahasy, bäsleşigiň şertnamasy gutarýança üýtgetmeli däl

  • Bäsleşigiň komisiýasyny gyzyklandyrýan beýleki maglumatlar boýunça resminamalar gerek bolup biler.

  • Ähli resminamalar rus dilinde bolmaly

  1. " Gyzyklanma bildirýänleriň " arzasynyň we bäsleşik üçin teklipleriniň möhleti

  • Ähli talap edilýän resminamalar möhürlenen bukjada, ýokarky burçunda taslamanyň ady ýazylan görnüşde şu aşakdaky salga ugradylmaly

  • 745000 Türkmenistan, Balkan welaýat,ş.Tňrkmenbaşy,köç. Şagadam8«А», Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy

  •  Sorag-jogap üçin telefon belgiler (+993 243) 2 38 43, 2 13 46, 2 07 31, факс: 2 07 81, 2 07 44.

  • Öňünden bäsleşige arza resmileşdirilmedik ýagdaýynda, Gyzyklanma bildirýänlerden bäsleşik üçin teklipleri kabul ediljek däldir.

 

Habarlaşmak üçin maglumatlar

 

Buýrujy

 «Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy»

Ýuridiki salgysy

ş.Türkmenbaşy, köçe. Şagadam 8«А»

Telefon belgiler

(+993 243) 2-38-43, (+993 243) 2-13-46, (+993 243) 4 91 82, (+993 243) 4 91 57

Email

foreign.dept@turkmenbashiseaport.tm

manager@turkmenbashiseaport.tm

thdpmarketing88@gmail.com

kshihdurdy@gmail.com

smrt.tdd@gmail.com

Habarlaşmak üçin ýüz

Gurbanow Şyhdurdy