Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN

04 Oktýabr, 2018 ý.

       

         Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 3-ne ”Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda,  agyr we kiçi göwrümli ýük gatnatmalary ulgamynda dünýäde öňdebaryjylaryň biri “Heavy World” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) bilen bilelikde gurnamagynda  “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara ulag-logistiki  maslahaty geçirildi. Agyr we uly gabaraly ýükleri daşamak boýunça geçirilen maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklary, ulag-logistiki kompaniýalary bilen bir hatarda, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Belarusiýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Polşanyň, Estoniýanyň, Saud-Arabystan ýaly birnäçe ýurtlaryň işewür işgärleri gatnaşdy. Bu maslahatda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň, ulag-logistiki kompaniýalarynyň we daşary ýurtly kompaniýalaryň işewür işgärleri tarapyndan çykyş edildi we birnäçe mahabatlandyryjy wideo şekilli filimler görkezildi. Iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kompaniýalaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Maslahatyň dowamynda, daşary ýurtly kompaniýalaryň wekilleri Logistikanyň altyn halkasy bolan, Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «Deňiz derwezesi» bolup hyzmat edýän,  Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr agyr we uly gabaraly ýükleri geçirmek isleýändiklerini beýan etdiler.