Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn işjeň aragatnaşygy ösdürmek maksady bilen resminamalara gol çekişdiler

23 Noýabr, 2018 ý.

  Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn işjeň aragatnaşygy ösdürmek maksady bilen resminamalara gol çekişdiler  

 

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmaklaryndaky giňişleýin düzümde, geçen duşuşykda türkmen-azerbaýjan resminamalaryna gol çekişme dabarasy bolup geçdi.  

         Ýurt baştutanlary Gurbanguly Berdimuhammedow we Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

Bu dabarada gol çekilen resminamalaryň arasynda, Türkmenbaşy Halkara deýiz porty bilen “Baku Halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ-niň arasynda  awtomatlaşdyrylan maglumatlary alyşmak hakyndaky, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen “Baku Halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ-niň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň arasynda ýük geçirmeleriň mukdaryny artdyrmak hakyndaky, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen “Baku Halkara deňiz söwda porty” ÝGPJ-niň arasynda iki ýurduň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara garnawlaryny ösdürmek  hakyndaky YLALAŞYKLAR gazanyldy.