Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Lazurit “ugry boýunça ilkinji synag gatnawy

19 Dekabr, 2018 ý.

“Lazurit “ugry boýunça ilkinji synag gatnawy

        2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna,  ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça, ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. 2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, ýük ulag kerwenleri “Berkarar” gämisi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna ugradyldy. Bu ýük ulag kerwenleri Baku portunyň üsti bilen, Gruziýa Respublikasynyň çägi bilen Türkiýe Respublikasyna baryp ýeter. Ulag kerwenlerinde owgan topragynda ýerli daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümleri, şol sanda pagta, künji, kişmiş, garpyz çigitleri ýaly önümler bar. Bu önümler barmaly ýerine barandan soň, diňe bir Türkiýe Respublikasyna däl, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ilatyna ýetiriler. Owgan harytlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki döwletlere ugradylmagy OwganystanYslam Respublikasy  üçin sebitiň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek arkaly amatly ýagdaýy döredýär we durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.