Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Suvari Shipping & Trading” kompaniýasynyň müdiriniň iş sapary

07 Noýabr, 2018 ý.

“Suvari Shipping & Trading” kompaniýasynyň müdiriniň  iş sapary

2018-nji ýylyň noýabr aýynyň  6-na Turkiýe Respublikasynyň “Suvari Shipping & Trading” kompaniýasynyň müdiri Ismail Terzi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda myhmançylykda boldy. Myhman Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda, myhmana portuň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ähli mümkinçilikleri barada gürrüň berildi, wideo ýazgylar görkezildi. “Suvari Shipping & Trading” kompaniýasynyň müdiri hem öz gezeginde kompaniýasynyň tejribeleri barada aýtdy we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna  hem-de “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda awtoulag –ýolagçy gatnadýan  iki sany Ro-Ro görnüşli gämisini bilelikde gurmak boýunça uly gyzyklandyrma bildirip,bilelikde işleşmek üçin birnäçe teklipler berdi. Teklipler özara maslahatlaşyldy we gelejekde bilelikde işleşmekde umyt edilip, birek-birege minnetdarlyk bildirildi. Soňra myhman bilen bilelikde porta we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna gezelenç edildi we ähli täze tehnikalar hem-de olaryň kuwwatlylygy bilen tanyşdyryldy.