Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“ITOCHU Corporation “ kompaniýasynyň wekilleriniň iş sapary

09 Noýabr, 2018 ý.

“ITOCHU Corporation “  kompaniýasynyň wekilleriniň iş sapary

2018-nji ýylyň noýabr aýynyň  8-ne Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation “  kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Kompaniýanyň wekillerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar gelejekde Halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine polipropilen ugratmak isleýändikleri barada habar berdiler. Duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn teklipler berildi we ara alyp maslahatlaşyldy. Soňra myhmanlar bilen bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gezelenç edildi we ähli açyk we ýapyk görnüşli ammarlar hem-de tehniki enjamlar bilen tanyşdyryldy.