Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” atly 23-nji halkara maslahaty we sergisi

23 Noýabr, 2018 ý.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” atly 23-nji halkara maslahaty we sergisi

 

      2018-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” atly 23-nji halkara maslahatyna we sergisine Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem gatnaşdy.

Bu halkara sergä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem birnäçe Dragon Oil,CNPC, SOCAR, Tatneft, Petronas, Total, Schlumberger, Eni, Liebherr, Renaissance, Simone, Sumitomo Corporation Europe Limited, Naffco, CMS ýaly birnäçe  iri daşary ýurt  kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de önüm öndürijileri gatnaşdylar.

Bu halkara sergide Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny  mahabatlandyryjy stend ýerleşdirldi. Serginiň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gyzyklanma bildiren kompaniýalara  maglumatlar bilen tanyş edildi.