Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Lapis-Lazuli” halkara konferensiýasy.

29 Noýabr, 2018 ý.

“Lapis-Lazuli” halkara konferensiýasy.

     Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ne  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda sergi hem geçirildi. Bu sergide beýleki pudaklar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mahabatlandyryjy maket we stend ýerleşdirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan serginiň üsti bilen “Lazurit” geçelgesini döretmegiň esasy tapgyrlary hem-de oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ýollary bilen tanyşdylar. Soňra maslahata gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty boýunça gezelenç guraldy, şonuň çäklerinde myhmanlar halkara ölçegleriň hemme talaplaryna kybap gelýän döwrebap desganyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna göz ýetirdiler. Türkmenistany geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýan iri logistika kompaniýalarynyň wekilleri deňiz portunyň desgalaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Tanyşlygyň barşynda açylyş dabarasyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan, Hazarda iň uly deňiz menziliniň çäklerinde ýerleşen “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda porty mahabatlandyryjy wideo ýazgylar görkezildi hem-de Halkara deňiz portuň, gämigurluşyk pudagyna maýa goýmagyň mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyşy boldy.