Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Beýik ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahaty we sergisi.

12 Dekabr, 2018 ý.

“Beýik ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahaty we sergisi.

      “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän  2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri möçberli taslamalara beslendi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat  şäherinde  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen  “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, ulag-logistika merkezini döretmek hem-de üstaşyr ýükleri çekmek barada alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça bu Halkara derejeli ylmy maslahatyň dowamynda geçirilen  sergini guramakda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan, köp sanly degişli işler geçirildi. Bu sergide dünýäniň birnäçe ilçihanalary  we ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny tanyşdyryjy hem-de mahabatlandyryjy stendi we ýörite çap edilen kitapçalar ýerleşdirildi. Serginiň dowamynda birnäçe kompaniýalar tarapyndan portuň we onuň düzümindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işine, onuň mümkinçiliklerine we ýerine ýetirýän hyzmatlaryna uly gyzyklanma bildirildi we degişli maglumatlar bilen içgin tanyş edildi.