Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ÝHHG-sy

24 Dekabr, 2018 ý.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy

ÝHHG-sy

2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-21-i aralygynda Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda, hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmak we tejribe alyşmak maksady bilen okuw sapagy geçirildi. Bu geçirilen okuwa ýurdumyzyň degişli ministrlikleri bilen bir hatarda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri hem gatnaşdy. Halkara derejeli okuwy geçirmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan, köp sanly degişli işler geçirildi. Muňa mysal edip, Hazarda iň uly deňiz menziliniň çäklerinde ýerleşen “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda porty mahabatlandyryjy wideo ýazgylar görkezildi. Okuwyň gün tertibine laýyklykda, okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde praktiki sapaklary geçirmek maksady bilen birnäçe çäreler gurnaldy. Praktiki sapaklaryň dowamynda myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli mümkinçilikleri, portuň açyk we ýapyk görnüşli ammarlary, portda ornaşdyrylan innowasion häzirki zaman enjamlary bilen giňden tanyşdyryldy. Myhmanlar deňiz portunyň howpsuzlyk ulgamlaryna we enjamlaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Myhmanlar halkara ölçegleriň hemme talaplaryna kybap gelýän döwrebap desgada howpsuzlyk ulgamlarynyň we enjamlarynyň ornaşdyrylandygyna göz ýetirdiler.