Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy porty “TransUzbekistan – 2018” sergisine gatnaşdy

19 Noýabr, 2018 ý.

Türkmenbaşy porty “TransUzbekistan – 2018” sergisine gatnaşdy

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkentde “TransUzbekistan – 2018” atly halkara sergisiniň 15-nji ýubileý sanynyň açylyşy boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şol sergide öz stendi bilen çykyş etdi we ilkinji günlerinden başlap myhmanlaryň ünsini çekdi. Marketing bölüminiň başlygy Nazarow Eziz myhmanlara portuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Serginiň dowamynda dürli kompaniýalar portuň mümkinçilikleri we hyzmatlaryna uly gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de käbir kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen gürrüňdeşlikler geçirildi.