Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Estoniýanyň “Offshore & Marine Service” kompaniýasynyň wekiliniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary

17 Ýanwar, 2019 ý.

Estoniýanyň “Offshore & Marine Service” kompaniýasynyň wekiliniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary

        2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz potunyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda bilelikde gämi gurmak maksady bilen inwestirleme maksatnamasy boýunça duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz potunyň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylary  hem-de Estoniýanyň “Offshore & Marine Service” kompaniýasynyň Işewürligi ösdürmek boýunça dolandyryjysy Agnar Forde gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda, myhmana portuň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ähli mümkinçilikleri barada gürrüň berildi, wideo ýazgylar görkezildi. Mundan başga-da inwestirleme maksatnamasynda gurulmak meýilleşdirilýän gämiler hakynda gürrüňdeşlik geçirilip, ikitaraplaýyn teklipler hödürlendi. “Offshore & Marine Service” kompaniýasynyň wekili hem öz gezeginde gämi gurluşyk ulgamyndaky tejribeleri we mümkinçilikleri barada gürrüň berip, tejribeli hünärmenleriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip hünärmenleri taýýarlamak we olara şahadatnama bermek ýaly tekliplerini hödürledi. Teklipler özara ara-alyp maslahatlaşyldy we gelejekde bilelikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmekligi  umyt edilip, birek-birege minnetdarlyk bildirildi. Soňra myhman bilen bilelikde “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna gezelenç edildi we halkara standartlaryna laýyk gelýän ähli täze tehnikalar hem-de olaryň kuwwatlylygy bilen tanyşdyryldy.