Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän üstaşyr ýükler.

25 Ýanwar, 2019 ý.

  Hormatly Arkadagymyzyň goldawyndan güýç alyp, işini dowam etdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlary eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Azerbeýjan Respublikasynyň Baku portunyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Türkmenistan” gämisinde “Ak ýol” hojalyk jemgyýetiniň we “DGTL Logistic” kompaniýasynyň 52 sany konteýneri getirildi. Gelip gowşan konteýnerleriň birnäçesi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Özbegistan döwletine üstaşyr ugradyldy.