Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän üstaşyr ýükler.

28 Ýanwar, 2019 ý.

Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulaglary pudagy hem giň gerimde ösýär.Ýagny muňa 2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbeýjan Respublikasynyň Baku portunyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Fikret Amirow” gämisinde 29 sany awtoulag serişdeleriniň gelip gowuşmagy hem şaýatlyk edýär. Gelen awtoulag serişdeleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen üstaşyr ugradyldy.