Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçiň iş sapary.

01 Fewral, 2019 ý.

         2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik ýüpek ýoly” myhmanhanasynda, Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçiň ýolbaşçylyk etmeginde we Deňiz ulag ulgamanyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi.  Bu ýygnakda  Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiç Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda, Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna berilip olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýilip atlandyrylandygy barada belläp geçdi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy diýip, Haýytmyradow Agamyrat Baýramgeldiýewiçiň bellenendigi barada habar berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen degişli işleri geçirmek hakynda nygtap geçdi.