Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýaponiýanyň Russiýa we täze beýleki garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Assosiasiýasynyň (ROTOBO) wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda myhmançylykda

02 Fewral, 2019 ý.

Ýaponiýanyň Russiýa we täze beýleki garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Assosiasiýasynyň (ROTOBO) wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda myhmançylykda

 

  Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna dünýäniň ähli künjeklerinden gyzyklandyrma bildirýänleriň sany  günsaýyn  artýar. 01.02.2019-njy ýylda hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Ýaponiýanyň Russiýa we täze beýleki garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Assosiasiýasynyň (ROTOBO) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar  dostlukly garşy alyndy. Duşuşygyň maksady, Assosiasiýanyň derňeme barlag işi bolup esasy mowzugy “Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy barada Konwensiýa gol çekilmeginiň, sebitiň ösüşine we gelejegine täsiri” barada boldy.

Ilki bilen myhmanlar portuň täze mümkinçilikleri we innowasion tehnalogiýalary bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar uly gyzyklanma bilen diňlediler.  Portuň aýratynlyklary  myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Öz gezeginde myhmanlar, Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy barada Konwensiýa gol çekilmeginiň, sebitiň ösüşine we gelejegine täsiri barada portuň hünärmenleri bilen pikir alyşdylar. Myhmanlara häzirki wagta çenli hazarýaka döwletleri bilen deňiz ulgamy boýunça ýük daşamakda diýseň işewir gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy, gämi gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, üstaşyr ýük geçirmek we beýleki meseleler boýunça Russiýa Federasiýasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Azerbaýjan Respublikasy bilen özara Ylalaşyklar baglanşylýandygy barada gürrüň berildi. Şeýle hem ähli deňiz ulgamy hereketleriniň beýleki döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň hem deňiz ulgamy boýunça Halkara Konwensiýalara laýyklykda işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçildi. Myhmanlara Hazar deňziniň ugry boýunça ýük geçirmekde Hazarýaka döwletleri bilen hiç hili bökdençsiz, hazarýaka döwletleriniň arasynda döwletler bir-birege goldaw berip dostlukly aragatnaşyk saklanylýandygy barada bellenip geçildi. Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy barada Konwensiýa gol çekilmegi bolsa bu dostlukly gatnaşyklaryň hasda berkemegine ýol açar. Myhmanlar aýdylanlary üns bilen diňläp bu dostlukly gatnaşyklar diýseň begendiriji diýip belläp geçdiler.

Myhmanlaryň ünsüni çeken ýene bir mümkinçilikleriň biri hem  halkara deňiz portuna gelen ýükleri 3 ýylyň dowamynda gümrük paçlaryndan boşatmak ýaly şertleriň barlygy. Bu barada diýseň gyzyklanma bildirip, geljekde port bilen işleşmek maksady bilen indiki duşuşykda ara alyp maslahatlaşmak isleýändikleri barada aýtdylar.

Duşuşygyň jeminde Assosasiýanyň wekilleri gürrüňdeşligiň örän gyzykly geçenligini belläp minnetdarlyk bildirdiler. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan, myhmanlara sowgatlar berildi we birek-birege minnetdarlyk bildirip hoşlaşyldy.