Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Täze Nyrhnamasy işlenip taýýar edildi

04 Iýun, 2019 ý.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Täze Nyrhnamasy işlenip

taýýar edildi

 

      Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösmegi halkymyzyň bolelin abadan durmuşda ýaşamaklary we olaryň göwnejaý zähmet çekmekleri üçin durmuşyň dürli pudaklarynda zerur bolan şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda taryhyň sahyplaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri  bolup geçdi. Ýagny Hormatly  Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty gurulup ulanylmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna Beýik  Ýüpek ýolunyň häzirkizaman swilizasiýasynyň gaýtadan dikeldilmegine uly itergi berýär. Gahryman  Arkadagymyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertme we başlangyçlaryny dowam etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, üstaşyr ýükleri çekmek, sebitde ösen halkara ulag logistiki merkezini döretmek, olary bir kemsiz  üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak täzeden, täze rowaçlyklara beslenýän “Türkmenistan – Rowaçlygyň Watany” ýylynda Eziz Diýarymyzyň       ösüşlerini berkitmek we ýokarlandyrmak, şeýle hem portuň ýük dolanşygyny artdyryp, dünýa arenasyna  çykarmak maksady bilen Türkmenbaşy  Halkara deňiz porty tarpyndan birnäçe işler güýçli depginde alnyp barylýar. Muňa mysal edip Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň  täze Nyrhnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny görkezmek bolar.