Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“A.Brýuhowetskiý” gämisi

08 Maý, 2019 ý.

“A.Brýuhowetskiý” gämisi

 

      Häzirki  wagtda ýurdumyzyň syýasatynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ulag kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala  aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýär. Ýagny muňa 2019–ýylyň 7-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy ýükler terminalyna “Bryukhovetskiy” gämisi bilen 5000 tonnadan gowrak amofos himiki döküni getirilendigini häzirki wagtda portda eksport-import ýükleriň güýçli depginde alnyp barylýanlygyny mysal edip görkezmek bolar.