Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Fobus” gämisi

08 Maý, 2019 ý.

“Fobus” gämisi

          Gahryman Arkadagymyzyň goldawlaryndan güýç alyp işini dowam etdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda “Lazurit” ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgesiniň üsti bilen ýurdumyza getirilýän önümleri eksport-import işlerini alyp barmakda göwnejaý işler  ýerine ýetirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň  ykdysady taýdan ýokary derejede ösýändiginden habar berýär. Muňa mysal edip, 2019-ýylyň 7-nji maýynda “Lazurit” üstaşyr ulag geçelgesiniň üsti bilen Türkiýe Respublikasyndan “Fobus” gämisi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna 2800 tonna bolan iým önümi getirilendigini görkezip bolar.