Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Magtymguly” gämisi

08 Maý, 2019 ý.

“Magtymguly” gämisi

         Däp bolşy ýaly halkymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryny şu günki güne çenli dowam etdirip gelýär. Gahryman  Arkadagymyzyň alyp barýan ulag üstaşyr syýasaty netijesinde beýleki goňşy döwletler bilen bir hatarda Azerbaýjan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn goňşuçylyk gatnaşyklar alnyp barylýar. Häzirki wagtda  Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty hem-de  Azerbaýjan Respublikasynyň  Baku deňiz porty iki döwletiň arasynda söwda syýahat köprüsi bolup hyzmat edýär. 2019–ýylyň 7-nji maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portunyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Magtymguly” gämisinde 53 sany konteýner we 300 tonnadan gowrak metal önümleri gelip gowuşdy.