Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Max” gämisi

10 Maý, 2019 ý.

“Max” gämisi

         Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, bu ýerde gurulan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, deňiz ýoly bilen dünýäniň  birnäçe  döwletleri bilen söwda  aragatnaşyklaryny saklaýar. Bu bolsa Ýurdumyzyň  daşary syýasatynyň ösmegine şeýle hem  içerki önümlerimizi daşary ýurtlara eksport etmekde we daşary ýurtlardan gelýän önümleri içerki bazara ornaşdyrmak ýaly ýokary derjeli işleri ýola goýmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly “Lazurit” üstaşyr ulag geçelgesiniň çäginde ýerleşýän birnäçe döwletleriň ýük we ýolagçy gatnadaýan gämileri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna yzgiderli gatnawlary amala aşyrýarlar. 2019–ýylyň 8-nji maýynda Türkiýe Respublikasyndan Gara deňziniň üsti bilen uzak menzilleri aşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy ýükler terminalyna “Max” gämisi bilen metal önümleri we iým önümi gelip gowuşdy.