Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Kara Karaýew” gämisi

10 Maý, 2019 ý.

“Kara Karaýew” gämisi

 

         Däp bolşy ýaly halkymyz gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryny şu günki güne çenli dowam etdirip gelýär. Gahryman  Arkadagymyzyň alyp barýan ulag üstaşyr syýasaty netijesinde beýleki goňşy döwletler bilen bir hatarda  Azerbaýjan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn goňşuçylyk gatnaşyklar alnyp barylýar. Häzirki wagtda  Türkmenbaşy Halkara Deňiz porty hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň  Baku deňiz porty iki döwletiň arasynda söwda syýahat köprüsi bolup hyzmat edýänligini görmek bolýar. Bu iki portuň arasynda  durmuşyň dürli ugurlaryna degişli önümleriň eksport-import işleriniň ýokary derejede gurnalýanlygyny bellemek bolar. 2019-ýylyň 9-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň “Baku” portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Kara Karaýew” gämisi bilen 30 sany awtoulag serişdeleri gelip gowuşdy.