Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Baku sky” gämisi

13 Maý, 2019 ý.

“Baku sky” gämisi

 

       Häzirki wagtda ýurdumyzda önümleri eksport etmek giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen  sebitde deňi-taýy bolmadyk halkara deňiz köprüsi bolup hyzmat edýän  Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny açyp bermegi bilen daşary ýurtlara biziň içerki önümlerimiziň eksporta ugradylmagy barha artýar. Eziz Diýarymyzda öndürilýän önümlerimiz ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp, daşary ýurtly müşderilerimiziň ünsüni özüne çekýär. Mundan başga-da içerki önümlerimizi elýeterli bahadan hiç hili bökdençsiz hyzmat etmek bilen harytlary gämä ýüklemek we düşürmek ýaly işleri Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan amala aşyrylýar. Bu bolsa müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrýar we içerki önümlerimize bolan islegi birnäçe esse artdyrýar. Munuň şeýledigine 2019–ýylyň 12-nji maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna 2732 tonna karbamid önüminiň eksporta ugradylmagy bilen görmek bolýar.