Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Pola Filofeýa” gämisi

03 Iýun, 2019 ý.

“Pola Filofeýa” gämisi

 

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, Berkarar döwletimiziň ösmegi ugrunda edýän bimöçber aladalary netijesinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy bilen  logistikanyň ösmegine, şeýle hem  halkara gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylmagyna we halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmegine uly goşant goşýar. Şanly wakanyň ýaňy bir ýyl ozal bolup geçenligine garamazdan Hazaryň kenarynda söwdanyň ösen derjesine ýetendigi, portuň çäginden girip-çykýan ýolagçy we ýük gatnadýan gämileriň barha artýandygy, eksport-import  işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýagny muňa mysal edip 2019-njy ýylyň 2-nji iýununda  Russiýa Federasiýsyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy ýükler terminalyna “Pola Filofeýa” gämisi bilen 4000 tonnadan gowrak amofos himiki döküniniň getirlendigini bellemek bolar.