Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýokary derejeli duşuşyk

27 Iýun, 2019 ý.

Ýokary derejeli duşuşyk

       2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Koreýa Respublikasynyň “BBC chartering” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda myhmançylykda boldular. Myhmanlar “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşugyň barşynda Koreýa Respublikasynyň “BBC chartering” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri jenap Kim Do Hyung  Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden uly göwrümli agyr ýükleri üstaşyr geçirmekligi meýilleşdirýänliklerini belläp geçip, birnäçe teklipleri öňe sürdi. Teklipler özara ara alyp maslahatlaşyldy we myhmanlar üçin portda gezelenç gurnalyp, üstaşyr geçiriljek uly göwrümli agyr ýükleriň ýollary, ornaşdyrylan tehnikalar hem-de olaryň kuwwatlylygy bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde hem özara ýakyn gatnaşyklary saklamaklyga umyt edip, birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.