Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Täze ýeňillikler güýje girizildi

05 Iýul, 2019 ý.

Täze ýeňillikler güýje girizildi

Hazaryň kenarynda ýerleşýän ajaýyp deňiz portunda häzirki wagtda müşderiler üçin birnäçe ýeňillikler girizilýär. Soňky döredilen ýeňillikleriň hatarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda awtoulaglaryň sürüjilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen tölegleri alýan kassalaryň barlag  geçiriş nokadyna göçürilmeklerini görkezmek bolar. Bu bolsa bir umumy nokadyň döredilip, awtoulag eýeleriniň işlerini ýeňilleşdirmekde we olaryň bökdençsiz göwnejaý barlagdan geçmekleri we şol bir wagtyň özünde wagty tygşytlamaklary üçin amatly şertleri döredýär.