Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Täze ösüşler täze maksatlary döredýär

21 Iýun, 2019 ý.

Täze ösüşler täze maksatlary döredýär

          Gahryman Arkadagymyzyň hut özüiniň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty täze ösüşlere eýe bolýar. Muňa mysal edip paromda daşalan wagonlaryň sany 2018-nji ýylyň I ýarymynda 7553 sany wagona deň bolandygyny görkezip bolar. 2019-njy ýylyň şol döwründe bolsa paromda daşalan wagonlaryň sany 13719-a deň boldy.  Netijede, degişli döwür bilen deňeşdirilende 82% göterim ösüş gazanyldy. Bu görkezijiler Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň öz işini bedew bady bilen güýçli depginde alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.