Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Magtymguly” gämisi

10 Iýul, 2019 ý.

 

“Magtymguly” gämisi                  

 

         Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan diýarymyzda häzirki wagt “Lazurit” üstaşyr ulag geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýän döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary güýçli depginde dowam etdirip gelinýär. Mälim bolşy ýaly bu üstaşyr ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän döwletler bilen bir hatarda Azerbaýjan  Respublikasy bilen  hem  ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar üstünlikli dowam edip gelýär. Muňa 2019-njy ýylyň 9-njy iýulunda “Magtymguly” gämisi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portundan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminalyna 40-dan gowrak konteýneriň we beýleki ýükleriň getirilmegi ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň  geriminiň giňelýändigine ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.