Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýokary derejeli halkara duşuşyk

17 Iýul, 2019 ý.

Ýokary derejeli halkara duşuşyk

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRASEKA) ösmegi bilen ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Ýük geçirijilik bilen bir hatarda portuň üsti bilen deňiz arkaly syýahat edýän ýolagçylaryň sany hem görnetin artdy. Şu nukdaýnazardan Hazaryň üsti bilen ýolagçy gämileriň gatnaw ýollaryny köpeltmek döwrüň talaby bolup durýar. Bu işleri ýola goýmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hem uly işler alnyp barylýar. 2019-njy ýylyň 15-16-njy iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy A.E.Kösäýewiň Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministriniň orunbasary, Deňiz we derýa ulaglary Federal agentliginiň ýolbaşçysy Ý.A.Swetkow bilen Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Mahaçkala portunyň arasynda ýolagçy parom gatnawynyň işini ýola goýmak we mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Russiýanyň Moskwa şäherinde duşuşyk geçirmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu çäreler geljekde iki dostlukly halkyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna getirer.