Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi

25 Iýul, 2019 ý.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi

 

         2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalynyň edara binasynda Balkan welaýat häkiminiň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky müdirligiň başlygynyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň, Türkmenbaşy şäheriniň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlary gulluklarynyň başlyklarynyň we raýat goranyşy boýunça hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrliginiň ulaglardaky polisiýa bölüminiň we “Petronas” kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Hazar deňziniň türkmen böleginde tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak” atly toplumlaýyn tälim beriş-türgenleşik okuwy geçirildi. Ýygnaga gatnaşyjylar birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, aýratyn howply ýokanç keselleriň we adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmeginiň, haýwanlaryň, guşlaryň we ösümlikleriň köpçülikleýin kesselemeginiň öňüni almak, şeýle hem azyk önümleriniň, deňiz we agyz suwunyň bildirilýän arassaçylyk-sanitariýa kadalaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça degişli işleri alyp barmagy mundan beýläk hem toplumlaýyn ýagdaýda dowam etdirmegi öz ýolbaşçylyk edýän gulluklarynyň öňünde durýan esasy wezipelerdigini bellediler.