Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Birinji Hazar Ykdysady Forumyna taýýarlygyny güýçlendirýär

01 Awgust, 2019 ý.

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar Ykdysady Forumynyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň umumy ýükler terminalynda gurnalýan “Türkmen sährasy-2019” atly sergide  sergilenjek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkara abraýly “John Deere” kompaniýasynyň dünýä meşhur traktorlary portumyza getirildi. Öz ýokary hilli oba hojalyk tehnikalarynyň ykjamlygy bilen uly meşhurlyga eýe bolan bu kompaniýanyň önümleri eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlarynda daýhanlarymyzyň we kärendeçilerimiziň ýakyn kömekçileri bolup hyzmat edip, milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülendigi aýratyn bellärliklidir.