Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýükden doly Omskiý-105 we Brýuhoweskiý gämileri portumyza geldi

26 Iýul, 2019 ý.

Bedew bady bilen pajarlap ösýän milli ykdysadyýetimiziň täze diwersifikasion ösüş ýolunda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem öz mynasyp paýyny tapýar. Muňa mysal edip 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda portumyzyň umumy ýükler terminalyna Türkiýe Respublikasyndan alys ýollary söküp gelen “Omskiý 105” gämisinde ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan umumy agramy 1600 tonna golaý metal gurluşlarynyň, umumy agramy 615 tonna golaý melamin önümleriniň we Azerbaýjanyň Baku portundan gelen “Brýuhoweskiý” gämisinde umumy agramy 5030 tonnadan gowrak amonium nitrat önüminiň gelip düşmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.