Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda “Rowaç” gämisiniň suwa goýberiliş dabarasy boldy

06 Awgust, 2019 ý.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlary pajarlap gülläp ösýär. Şunuň bilen birlikde Milli Liderimiziň ýardam bermeginde ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmek boýunça birnäçe iri göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Ine, ýaky-ýakynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hasam gowulandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kararyna laýyklykda ähli amatlyklary bolan, ýokary hilli, döwrebap, “Rowaç” atly ýokary tizlikli ýolagçy gämisi Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Zelenodolsk şäheriniň A.M.Gorkiý adyndaky gämi gurluşyk zawodynda gurdurylyp, 2019-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda suwa goýberildi.

Bu gämi 126 ýolagça niýetlenip, gämi gatnaw howpsuzlygyny ýokary derejede berjaý etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Gämi dünýä standartlaryna laýyk gelýän ähli döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täze ýokary tizlikli ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenbaşy-Hazar şäherleriniň arasynda täze deňiz gatnawynyň döredilmegine, Türkmenbaşy-Gyzylsuw adasynyň arasynda deňiz ýolagçy gatnawynyň hilini ýokarlandyrmaga, şol sanda şäherimize we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelýän myhmanlara we syýahatçylara deňiz gezelençlerini guramaga amatly şertleri döreder.