Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Birinji Hazar ykdysady Forumy uly taslamalaryň amala aşyrylýan meýdançasyna öwrüldi

13 Awgust, 2019 ý.

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady Forumy geçirildi. Forumyň çäginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda “Hazar innowasion tehnologiýalary” we “Türkmen sähra-2019” atly sergiler hem guraldy. Bu forumy geçirmek teklibi 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan berildi.

         Forumyň çäginde ençeme halkara duşuşyklary we beýleki çäreler gurnalyp, forumyň netijesinde şu aşakdaky maksatlary amala aşyrmak teklip edildi:

  1. Hazar deňzi sebitini halkara ykdysady giňişligine işjeň integrirlemek maksady bilen Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň özüneçekijiligini has-da ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädimleri ýola goýmaly.
  2. Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlary çekmeli we innowasiýalar üçin şert döretmeli.
  3. Durmuş-ykdysady ösüş, daş-töweregi goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlaryň alyş-çalşygy ýaly pudaklarda sebitleýin gatnaşygy ösdürmeli.
  4. Hazarýaka döwletleri bilen BMG ulgamynyň arasynda, şol sanda BMG-niň sebit kommisiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmeli.
  5. Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka şäherlerinde Hazar ykdysady Forumlaryny yzygider guramaly.

 

Foruma gatnaşyjylar Birinji Hazar ykdysady Forumynyň ýokary derejede guralanlygy we gyzgyn myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.