Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekiliýeti Türkmen Lideriniň Singapura eden döwlet saparynyň düzüminde

28 Awgust, 2019 ý.

2019-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny gurady. Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Singapur döwletiniň Prezidenti Halima Ýakob, şeýle hem premýer-ministri Li Sýan Lun bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi.

         Innowasion ösüşe we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, öňdebaryjy ylym bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty nazara almak bilen, häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolan Singapur Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 

Häzirki wagtda bu döwlet Aziýanyň öňdebaryjy söwda merkezidir we baha dörediji merkezdir. Ählumumy ösüşiniň netijesinde ol özüni Gündogar Aziýanyň maliýe we ýokary tehnologiýalar ýurdy hökmünde ykrar etdirdi. Ýurtda gämi abatlaýyş boýunça alnyp barylýan işler dünýä derejesiniň 20 göterimine barabardyr.

Singapur deňiz flotunyň möçberleri boýunça dünýäde 6-njy orunda durýar. 2017-nji ýylyň maglumatyna görä, onuň deňiz flotunda 3 müň 558 gämi bolup, olaryň 722-si tankerlerden, 592-si gury ýük gämilerinden, 504-si konteýner daşaýjylardan we 134-si beýleki ýük gämilerinden ybaratdyr.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri özleriniň iş saparlarynyň çäklerinde “Pacific International Lines PTE Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy we dolandyryjy direktory TEO Siong Seng, hem-de kompaniýanyň dolandyryjy direktory TS Teo, “Future Intelligence Co. LTD” kompaniýasynyň Baş dolandyryjysy Mandy Kao, “MiGco Management” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Werner Goettel, “Oriel management consulting Pte.Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Wee Çin Çuan, “MTQ Corporation Limited” kompaniýasynyň Baş direktory Kuah Boon Wee, “Asian Resources Centre Pte LTD” we “NACE international founding Singapore section” kompaniýalarynyň direktory Keith Kee, “AQB CAPITAL” kompaniýasynyň direktory Marat Zalalov bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalaryň üstünde anyk işleri alyp barmaklyk boýunça ylalaşyldy.