Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Portumyza täze awtoulag serişdeleri gelip gowuşdy

12 Sentýabr, 2019 ý.

Soňky döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna degişli edara-kärhanalarynda has beýik sepgitlere ýetmeklik üçin birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Şol maksatnamalaryň çäginde ýurdumyzyň pudak edaralaryny awtoulaglar we tehnikalar bilen üpjün etmek işleri hem öz mynasyp ornuny tapdy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň buýurmasy boýunça Russiýanyň Tatarystan Respublikasynynyň “KAMAZ” zawodyndan 111 sany ulagy Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getirilen bolsa, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne ýurdumyzyň deňiz flotunyň “Berkarar” gämisinde “KAMAZ”, “URAL” kysymly awtoulaglaryň we ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 114-si portumyza gelip gowuşdy. Awtoulag serişdeleriniň deňiz portuna dabaraly düşürmek çäresinde pudak edaralarynyň agzybir zähmetkeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt ähmiýetli edýän aladalary üçin çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.