Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

“Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

15 Oktýabr, 2019 ý.

Mälim  bolşy ýaly bedew bady bilen öňe barýan eziz diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde  Halkara sergileriň we ylmy-amaly maslahatlaryň  geçirilýän mekanyna öwrüldi.

2019-njy ýylyň 15-16 – oktýabrynda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Ak şäherimiz Aşgabatda  Türkmenistanyň Söwda-senagaty edarasy tarapyndan “Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi we ylmy maslahatynyň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

 Senagat toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň senagat enjamlarynyň, iň täze tehnikasynyň we hyzmatlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak şu gezekki halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň baş maksady bolup, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri foruma öz işewürlik                                                                        teklipleri bilen geldiler.
            Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

        Bu Halkara sergä Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň düzüm bölegi bolan “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine degişli bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem işjeň gatnaşdy.