Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 405-Ö belgili buýrugy.

24 Ýanwar, 2020 ý.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet
gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran  133/DG belgili buýrugy bilen  tassyklanan, Türkmenistanyň deňizçisiniň      şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň we bermegiň (gaýtadan resmileşdirmegiň) Tertibine üýtgetmeler girizmek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 6-njy dekabrynda çykaran 13358-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň deňizçisiniň şahsyýetnamasy hakynda Düzgünnamada göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, buýurýaryn:

 

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2014-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda 794 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň deňizçisiniň şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň we bermegiň (gaýtadan resmileşdirmegiň) Tertibini tassyklamak barada” Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň 2014-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 133/DG belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň deňizçisiniň şahsyýetnamasyny resmileşdirmegiň we bermegiň (gaýtadan resmileşdirmegiň) Tertibinde:

  1. on üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“13. Öň berlen şahsyýetnamanyň sahypalary deşilip we soňky sahypasyna “Bes edildi/ Cancelled” diýen ýazgysy bolan möhürçe bilen onuň hereketiniň bes edilenligi hakynda hem-de “Täze şahsyýetnama berildi/New identity document issued” diýen ýazgysy bolan möhürçe bilen täze şahsyýetnamanyň berlenligi hakynda bellikler edileninden soňra täze şahsyýetnamanyň berilmegi amala aşyrylýar.”

  1. on dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“14. Öň berlen şahsyýetnamanyň ýitirilmegi ýa-da ulanmaga ýaramsyzlygy sebäpli, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şahsyýetnamanyň eýesiniň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi bilen bagly hem-de şahsyýetnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda täze şahsyýetnamanyň berilmegi şu Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

Şahsyýetnamanyň möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda şahsyýetnamany bermek üçin arza degişli resminamalar bilen bilelikde şahsyýetnamanyň möhletiniň tamamlanmagyna bir aý galanda kabul edilip we resmileşdirilip bilner. Bu möhletiň geçirilip tabşyrylmagy arzany kabul etmeklikden ýüz döndermek üçin esas bolup bilmeýär.”.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň bu ugra gözegçilik edýän orunbasary we “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy gözegçilik etmeli.

 

     Ministr                                   T.Dürhanow

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda 1290 bellige alyş belgisi  bilen döwlet belligine alnan.