Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ulag – Logistika kompaniýalaryň dykgatyna!

27 Aprel, 2020 ý.

Ulag – Logistika kompaniýalaryň dykgatyna!

Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty doly güýjünde hereket edýänligini, daşary ýurt gämileriniň we şol sanda dürli görnüşli ýükleriň bökdençsiz hereketiniň amala aşyrylýanlygy barada, mundan başga-da, dürli görnüşli ýükleri tiz we howpsuz kabul etmek we ugratmak işleriniň, port tarapyndan amala aşyrylýan ýükleme-düşürme işleriniň gije-gündiziň dowamynda üznüksiz dowam edýänligi, import  we eksport harytlaryň dolanyşygy baradaky maglumatlaryň hem yzygider seljerilýänligi we bu babatda degişli işleriň geçirilýänligi barada habar berýäris. Muňa mysal edip, döwlet derejesinde we beýleki ýerli we daşary ýurt ýük daşaýjy kompaniýalaryň, wekilleriniň ýüklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň terminallarynda howpsuz ýagdaýda ýapyk we açyk ammarlarda saklamak we ýükleme/düşürme işleri, şeýle-de ähli port hyzmatlary güýçli depginde dowam edýär.