Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Günümizde Türkmenbaşy porty

Günümizde Türkmenbaşy porty:

Türkmenistan mundan öň sebitara söwda aragatnaşygynda uly orny eýeleýärdi, häzirki taryhy ugruň galkynýan döwründe bolsa onuň orny has hem artdy. Ýurdumyzyň strategiki ýerleşişi we Milli Lidermiziň parasatly ýolbaşçylygy astynda durmuşa geçirilýän ähli ägirt uly infrastruktura taslamalary döwletimizi Aziýa we Ýewropany birikdirýän täze Ýüpek ýolunda esasy orun eýelemegine getirýär.

Öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça gurlan, köp sanly ýöriteleşdirilen terminallary bolan, häzirkizaman köptaraplaýyn port toplumynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir Türkmenistanyň çäginden geçirilýän üstaşyrlygy artdyrman, eýsem onuň eksport mümkinçiligini artdyryp, milli ykdysadyýetini hem güýçlendirýär.

Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze taslamasy Ýewraziýada infrastruktura maýa goýum bolmak bilen, hazarýaka döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde esas bolup durýar.

Türkmanbaşy porty “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň syýahatçylyk, söwda we logistika mümkinçiliklerine öz goşandyny goşýar.

Portuň umumy meýdany 150 gektardan ybaratdyr. Porta gämileriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek üçin 10 million kub metrden gowrak topragy gazyp almak we suwuň düýbini çuňlaşdyrmak boýunça düýpli işler geçirildi.

Portuň düzümindäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 600 metre, ini bolsa 20 metre deň bolup, birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň bir wagtda duralga ýanaşmaklaryna we ondan aýrylmaklaryna, hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

Täze portuň düzümine parom we ýolagçy terminaly, konteýner terminaly, ürgün ýük we umumy ýük terminaly, şeýle-de “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody degişlidir.

Portda gämi duralga suw tehniki gurluşlardan başga-da uzynlygy 4 müň metre barabar awtomobil ýollary we 30 müň metre barabar demir ýollary ýaly ulag üpjünçligini öz içine alýan köpsanly kenar infrastrukturalary döredildi.

Täze portuň umumy ýük göterijiligi: 300 müň ýolagçy, 75 müň ýük ulag, 400 müň konteýner, 3 million tonna ürgün we 4 million tonna umumy ýük degişlilikde, nebit önümlerini hasaba almazdan ýylda 17 million tonnadan ybaratdyr.

Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurt logistika kompaniýalarynyň mümkinçilikleri artýar. Munuň üçin täze porta ähli şertler döredilip, ýükleri ýüklemek, düşürmek we saklamak işleri awtomatizasiýalaşdyrylandyr. Bu bolsa hem portuň işgärleriniň hem müşderileriň işini diýseň ýeňilleşdirýär. Portuň çäginde myhmanlaryň oňaýly gelip gitmegi üçin 50 orunlyk döwrebap myhmanhana, 80 orunlyk restoran, awto duralga, walýuta alyş-çalyş nokady we beýleki gerek bolan infrastruktura binalary ýerleşdirilen. Şeýle-de demir ýoly boýunça gelýän ýükler üçin 450 wagon üçin niýetlenen duralga göz öňünde tutulan.

Türkmenbaşy deňiz porty ýangyç doldurmak, ýapyk we açyk ammarlarda ýükleri ýüklemek we düşürmek, ýükleri gaplamak, saglyk kömegi, ýollama, ýangyn howpsuzlygy, losman hyzmatlary, gözegçilik, agentlik hyzmatlary, deňiz gönükdirijileri, tirkege almak we labyrlamak ýaly halkara standartlaryna görä hyzmatlary hödürleýär.

Täze portda ýükleri saklamak 3 ýyla çenli gümrük paçlary alynmasyz, 30 gije-gündizden 45 gije-gündize çenli mugt saklamak göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa saklanylýan harytlary portuň çäginden islendik ugur boýunça awtomobil, demir we deňiz ýoly bilen satmaga we ýükläp ugratmaga mümkinçilik berýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 27-ne “gümrük ammarlary” işleri üçin № 3-26-39-126 belgili ygtyýarnama aldy.

Türkmenbaşy port Gara deňiz basseýni, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitlerinde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny we ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen, halkara derejede ykrar edilen programma TRASEKA koridorynyň wajyp ulag-logistika düwüni bolup durýar. Täze portuň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag koridoryny ösdürmekdäki orny aýdyň artýar.

Port, gelýän ýükleri deňiz ugry boýunça bellenen ýerlerine üznüksiz ýagdaýda eltip bermek maksady bilen “Gündogar-Günbatar”, “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça täze söwda gatnaşyklaryna ýol açýar. Bu maksat bilen portuň demir we awtomobil ýollary bilen kesişmegi hem göz öňünde tutulan.

Logistikanyň esasy maksady bolan tiz we ynamly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin portuň düzüminde döwlet edaralarynyň binalary ýerleşdirilen. Bulardan migrasiýa we gümrük gullugynyň binalary, şeýle-de demir ýol hereketini dolandyryş merkezi Türkmenbaşy portundan geçýän ýükleri bellenen ýerlerine has tiz ýagdaýda eltip bermekde uly goşantlaryny goşar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasy “Ýaşyl Port” halkara ölçegi hasaba alnyp taýýarlanyldy. “Ýaşyl port” halkara ölçegi  deňiziň daşky gurşawyny we deňiz kenaryny goramagy, deňiz tebigatyny täsirli ulanmagy we bioköpdürliligi goramagy maksat edinýär. Hazar deňziniň ekologiýasynyň aýawly saklanmagy maksady bilen terminallaryň her birinde bio arassalaýyjy gurallar gurnaldy.

Täze deňiz porty “PricewaterhouseCoopers” halkara maslahat beriş kompaniýasy, Germaniýanyň “Hamburger Hafen und Logistik AG” (HHLA) logistika we ulag kompaniýasy tarapyndan sylag we Gamburg portunda we Zeeland Seaports Golland portunda konteýnerler terminalynyň ýolbaşçysy tarapyndan sertifikat bilen sylaglandy.

Şeýle-de port deňiz derejesinden pesdäki iň uly port hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Dünýäniň rekordlar ýygyndysy şol bir toparda, ornitafaunany goramak maksady bilen portuň gurluşygynda döredilen emeli guş adasyny hem belläp geçdi.

Türkmenbaşy portunyň gurluşygynda, daşky gurşawy we guşlary goramakdaky goşandy üçin Germaniýa döwletindäki Maks Plank Uniwersiteti we Wena Uniwersiteti tarapyndan sylag bilen sylaglandy.

Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze taslamasy Ýewraziýada infrastruktura maýa goýum bolmak bilen, hazarýaka döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde esas bolup durýar.

Mundan başga-da 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” kararnamasy bir agyzdan kabul edildi.