Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Taryh

Taryh

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňziniň gündogarynda ýerleşip, Ýewraziýa giňişliginde geosyýasy taýdan möhüm orny eýeleýär. Port Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ugrynda (TRACECA) ýerleşmek bilen ýylyň dowamynda gämileri kabul edip, günüň dowamynda ýükleri ýüklemek-düşürmek işlerini amala aşyrýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýa we Ýewropany deňiz, awtomobil we demir ýol ugurlary boýunça baglaýan we sebitiň üstaşyr hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan “deňiz derwezesi” bolup durýar. Daşary ýurt ýük gämileri hem Azerbeýjan we Astrahana ugruny dowam etmezden öň şu portuň gämi duralgasynda durup geçýärdiler. Port Türkmenistanda iň uly deňiz porty bolup, Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýär.

1896-njy ýylyň oktýabrynda Hazar deňziniň gündogarynda portuň düýbi tutuldy. Ýük we ýolagçy gatnawyny birikdirmek we tertiplemek maksady bilen 1903-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda söwda deňiz portunyň dolandyryş edarasy döredildi. Ýyllaryň dowamynda ýük gatnawynyň artmagy parom ugurlaryny döretmeklik pikirini ýüze çykardy. 1959-njy ýyldan başlap portuň çäginde parom ugurlarynyň gurluşygy başlandy. Krasnawodsk-Baku ugry boýunça parom 1962-nji ýylda dowamly gatnawlary kabul edip başlady. Parom gatnawlary ýükleriň tiz wagtda eltilip berilmegine ýardam berdi.

2000-2003-nji ýyllar aralygynda portuň giňişleýin durkuny täzelemek işleri amala aşyryldy. Köne gämi duralgalarynyň, ammarlaryň we birnäçe beýleki binalaryň köneleriniň durky täzelendi we täzeleri guruldy, şeýle-de häzirkizaman tehnikalar ornaşdyryldy. Bu bolsa porta, hyzmatlaryny ýokary derejede bermegi üçin mümkinçilik döretdi.

2011-nji ýylda bolsa Türkmenbaşy portunyň durky dolulygyna täzelenjekdigi bildirildi. Taslama, terminallaryň durkuny täzelemegi, gämi duralgalarynyň könelerini aýyryp täzelerini gurmagy göz öňünde tutuldy.

2013-nji ýylda port “Çarlak” ýolagçy katamaranyny gurdy. Bu bolsa portuň taryhynda ilkinji gämi gurluşyk taslamasy boldy.

Türkmenistan döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi nazarda tutulyp, “Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda, Beýik Ýüpek ýolunda esasy giňişlik hökmünde garalýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbiniň tutulmagyna badalga berildi.

2014-nji ýylda ýolagçylaryň deňiz wokzaly açyldy.

2018-nji ýylda täze Türkmenbaşy Halkara deňiz porty açyldy.