Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Umumy ýükler terminaly

  • Umumy Meýdany: 216 000 m2

  • Ýapyk Ammar Meýdany: 26934 m2

  • Açyk Ammar Meýdany: 75 000 m2

  • Duralganyň Uzynlygy: 625 metr

  • Duralganyň Göwrümi: 4 gämi (5000 DWT)

  • Demir Rels Krany: 6 sany (20 tonna)

  • Tekerli Kran: 2 sany (330 tonna), 1 sany (84 tonna)

  • Treýler: 1 sany (500 tonna), 7 sany (60 tonna)

 

Umumy maglumat

Umumy ýük terminaly ýörite ideg talap etmeýän görnüşli ýükler üçin niýetlenen terminaldyr. Terminalyň ýükler üçin niýetlenen bölegi açyk we ýapyk böleklerden ybarat. 26394 inedördül metr ýapyk ammar böleginde tebigy şertlerde zyýan çekip biljek pagta, mata önümleri ýaly harytlar saklanar. 

Terminalyň 75 000 inedördül metr meýdany bolsa tebigy şertlerden zyýan çekmejek, demir we demir önümlerine meňzeş harytlary saklamak üçin niýetlenendir.

Türkmenbaşy Halkara portunyň terminallarynyň arasynda iň uzyn gämi duralgasy Umumy ýük terminalynda ýerleşýär. Duralganyň uzynlygy 625 metr bolup, bir wagtyň özünde 4 sany 5000 DWT-lik gämä ýükleme we düşürme işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir. Terminalyň ýyllyk kuwwaty 4 million tonna barabardyr.

Terminalda 20 tonna ýük üçin niýetlenen demir relslerde hereket edýän kranlardan 6 sanysy gurnaldy. Şeýle-de, agyr agramly ýükleri götermek maksady bilen 2 sany 330 tonna ýük göterijilikli, 1 sany 84 tonna ýük göterijilikli tekerli port kranlary gurnaldy.

Ýükleri gatnatmak maksady bilen 1 sany 500 tonna ýük göterijilikli agyr ýükler üçin ulag, 7 sany 60 tonna ýük göterijilikli treýler, 9 sany elektrik energiýasy bilen işleýän forkli terminalda hyzmat eder.

Desganyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem dürli görnüşli ýükleri bir wagtyň özünde 4 sany gämä ýükläp-düşürilen wagtynda gözegçilikde saklamak maksady bilen awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň gurnalmagydyr. Bu ulgamlar terminalyň içinde işleriň ýalňyşsyz we birkemsiz gurnalmagyna goşant goşýar. Onuň umumy meýdany 261 000 inedördül metre deňdir.