Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Umumy maglumat

Beýik ýüpek ýolunyň iň esasy böleginiň biri hökmünde göz öňüne tutylan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy Türkmenistan döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini nazarda tutup, «Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna» laýyklykda hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi.

Gurluşygyň çäginde ýerine ýetirilen işler umumy 156 gektar meýdanda 8 bölekden ybarat: Portuň umumy infrastruktura işleri; Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody; Ýolagçy we ýük terminaly; Konteýner terminaly; Umumy ýük terminaly; Ürgün ýük terminaly; Demir ýol parom terminalyny döwrebaplaşdyrmak; Polipropilen terminalynyň giňeldilmegi. Taslamanyň 76%-i (1,2 milýon m2) bar bolan tebigy zolaga zyýan ýetirmezlik maksady bilen deňiziň içini gum bilen dolduryp emele getirildi.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň taslamasy «ýaşyl Port» (Green Port) halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. ýaşyl Port halkara ölçegi deňiziň we deňiz kenarynyň daşky gurşawyny goramagy, deňiz tebigatyny netijeli ulanmagy, bioköpdürliligi goramagy maksat edinýär. Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak maksady bilen, terminallaryň her birinde bioarassalaýyş enjamlary ornaşdyryldy.