Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna dünýäniň ähli künjeklerinden gyzyklandyrma bildirýänleriň sany günsaýyn artýar. 01.02.2019-njy ýylda hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Ýaponiýanyň Russiýa we täze beýleki garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça Assosiasiýasynyň (ROTOBO) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Myhmanlar dostlukly garşy alyndy. Duşuşygyň maksady, Assosiasiýanyň derňeme barlag işi bolup esasy mowzugy “Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy barada Konwensiýa gol çekilmeginiň, sebitiň ösüşine we gelejegine täsiri” barada boldy.
2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 31-ne Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik ýüpek ýoly” myhmanhanasynda, Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiçiň ýolbaşçylyk etmeginde we Deňiz ulag ulgamanyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýygnak geçirildi.
Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Arkadagymyzyň goldawyndan güýç alyp, işini dowam etdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlary eýeleýär.
2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz potunyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda bilelikde gämi gurmak maksady bilen inwestirleme maksatnamasy boýunça duşuşyk geçirildi.
2018-nji ýylyň 28-nji dekabrynda “Çarlak” myhmanhanasynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleriniň çagalary üçin, täze ýyl dabarasy gurnaldy.
2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-21-i aralygynda Ýewropadaky howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda, hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmak we tejribe alyşmak maksady bilen okuw sapagy geçirildi. Bu geçirilen okuwa ýurdumyzyň degişli ministrlikleri bilen bir hatarda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hünärmenleri hem gatnaşdy.
2018-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça, ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi. 2018-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, ýük ulag kerwenleri “Berkarar” gämisi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna ugradyldy.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri möçberli taslamalara beslendi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ne Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, ulag-logistika merkezini döretmek hem-de üstaşyr ýükleri çekmek barada alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça bu Halkara derejeli ylmy maslahatyň dowamynda geçirilen sergini guramakda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan, köp sanly degişli işler geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ne «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ugry boýunça ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda sergi hem geçirildi. Bu sergide beýleki pudaklar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny mahabatlandyryjy maket we stend ýerleşdirildi.
2018-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” atly 23-nji halkara maslahatyna we sergisine Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem gatnaşdy.
Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn işjeň aragatnaşygy ösdürmek maksady bilen resminamalara gol çekişdiler
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Özbegistan döwletiniň paýtagty Daşkentde “TransUzbekistan – 2018” atly halkara sergisiniň 15-nji ýubileý sanynyň açylyşy boldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şol sergide öz stendi bilen çykyş etdi we ilkinji günlerinden başlap myhmanlaryň ünsini çekdi.
2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň “ITOCHU Corporation “ kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Kompaniýanyň wekillerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähli mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 7-ne Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary, Hj Türkmen logistika asossiasiýasynyň direktory Mele Bekmyradow bilen duşuşyk geçirdi.
2018-nji ýylyň noýabr aýynyň 6-na Turkiýe Respublikasynyň “Suvari Shipping & Trading” kompaniýasynyň müdiri Ismail Terzi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda myhmançylykda boldy. Myhman Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda, myhmana portuň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ähli mümkinçilikleri barada gürrüň berildi, wideo ýazgylar görkezildi.
Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda awtoulag –ýolagçy gatnadýan iki sany RO-RO görnüşli gämisini bilelikde gurmak boýunça Halkara inwestision bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik üçin teklipler 2018-nji ýylyň 19-njy noýabryna çenli dowam edýär.
2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-na Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň direktory hanym O.Kartaşowa hem-de Hazar deňzi we derýa ulaglary institutynyň halkara bölüminiň ýolbaşçysy D.Mulýew gulluk iş sapary bilen Türkmanbaşy Halkara deňiz portuna geldiler.
2018-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, Telemetriýa, Habar beriştilsimatlarynyň we Teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2018” atly 11-nji Halkara sergisine we ylmy maslahatyna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem gatnaşdy.
Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.