Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Ýolagçy parom terminaly

  • Umumy Meýdany: 230 000 m2

  • Kuwwaty: 300 000 ýolagçy/ýyl; 75 000 ulag/ýyl

  • Duralganyň uzynlygy: 256 metr, (bir wagtda): ýük göterijiligi 5400 DWT-lik 4 sany  gämini kabul edýär

  • Terminal binasy: 800 ýolagçy

  • Myhmanhana: 50 orunlyk​

 

Umumy maglumat

Ýolagçy we ýük terminaly 230 000 inedördül meýdanda ýerleşýär. Terminal ýylda 300 000 ýolagça we 75 000 ulaga hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Terminalyň 256 metr uzynlykda gurnalan duralgasyna bir wagtyň özünde iki sany gämi ýanaşyp biler.

Terminalyň awtomobiller we ýolagçylar üçin has oňaýly bolmagy üçin bir tarapynda demir ýol wagonlary, beýleki tarapynda bolsa awtoulag duralgalary göz öňünde tutuldy. Awtoulaglar üçin ýörite gözegçilik merkezi ýerleşdirildi.

Ýolagçylaryň rahat syýahat etmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp gurlan terminalyň binasy 800 ýolagça niýetlenendir. Onuň içinde 20 sany petek satylýan, pasport we gümrük resmileşdiriş nokatlary ýerleşdirildi. Resmileşdiriş nokadynda ýolagçylara tiz hyzmat etmek maksady bilen ornaşdyrylan tilsimatlar we gümrük barlag enjamlary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleridir.

Ýolagçy we ýük terminalynyň düzüminde 50 orunlyk döwrebap myhmanhana hem bina edildi. Bu myhmanhanada syýahat edýän ýolagçylar we porta gelen gämileriň ekipažy dynç alyp bilerler.